YGTYBARLYK

Umumy kabul edilen kesgitlemelere laýyklykda, ygtybarly ösüş «geljekki nesliň öz şahsy talaplaryny kanagatlandyrmaga ukyplylygy üçin zyýan bermezden häzirki wagtdaky talaplaryny kanagatlandyrmak» diýlip kesgitlenýär. Häzirki günde howadaky üýtgeşmeler häzirkizaman dünýäsiniň örän ýiti meseleleriniň biri boldy we biz geljekki nesil üçin tebigaty öz-özüni saklap bilýän ulgam hökmünde galdyrmaga borçly bolup durýarys. Bu jogapkärçiligi göz öňünde tutup, CLK kompaniýasy has az uglerod zyňyndylary bolan çözgütleri saýlap alýar we gazylyp alynýan ýangyjy sarp edýän ulag serişdelerini ulanmakdan saklanmaga çalyşýar.

Biziň ygtybarly daşky-gurşawy goramak syýasatymyz:

  • Biziň durmuşa geçirýän taslamalarymyzda Türkiýäniň tebigaty goramak boýunça kanunlarynyň düzgünlerini hem-de biziň iş alyp barýan degişli ýurtlarymyzyň kanunlarynyň düzgünlerini berjaý edýäris hem-de halkara standartlara laýyklykda iň gowy tejribeleri ulanýarys;
  • Biziň işimiziň netijesinde ýüze çykyp biljek ekologiki we jemgyýetçilik töwekgelçilikleri azaltmak üçin, ygtybarly ösüşiň syýasatyny nygtamak bilen hem-de bolup biljek ýokary başlangyç maýa goýum çykdajylaryny üpjün etmek arkaly ekologiki taýdan arassa tilsimatlary saýlaýarys we hemişe işläp taýýarlaýarys.
  • Biz maýa goýum, satyn almak we hyzmatlary bermek boýunça ähli çözgütlerde ekologiki meseleleri göz öňüne tutýarys.
  • Ekologiki pikiri durmuşymyzyň filosofiýasy etmek üçin ýokary ýolbaşçylardan başlap hünärmenlere çenli, ähli işgärler üçin ekologiki meseleler boýunça okuwlary geçirýäris hem-de biziň kömekçi potratçylarymyzyň we potratçylarymyzyň arasyndaky ekologiki we jemgyýetçilik jogapkärçiliklerini kämilleşdirýäris.
  • Daşky-gurşaw hakynda aladalanýan kompaniýa hökmünde biz öz işlerimizde energiýa ulanylyşyny azaltmak üçin ähli mümkin bolan çäreleri geçirýäris.
  • Biz galyndylaryň ygtybarly dolandyrylmagy arkaly kirlenmäni azaltmaga, galyndylaryň döremegini azaltmaga, galyndylaryň aradan aýrylmagy we gaýtadan ulanylmagy, gaýtadan işlenip taýýarlanmagy we ýok edilmegi üçin çalyşýarys.
  • Biz daşky-gurşawa has az zyýan ýetirýän ulag serişdeleriniň alternatiw görnüşlerini peýdalanýarys.
  • Biz CO₂ zyňyndylaryny azaltmak üçin has döwrebap tilsimatlary ulanmak bilen ulag serişdelerine maýa goýum goýýarys we biz önümçilik hem-de hyzmatlaryň netijesinde döreýän CO₂ zyňyndylaryny iň ýokary derejede azaltmaga çalyşýarys.
  • Biz dolandyryş ulgamlaryny işjeň ulanýarys we bu pudakda ekologiki derňewleri dowamly geçirýäris.
  • Biz öz işlerimiziň ähli tapgyrlaryny derňemek bilen ygtybarly ösüşiň usullaryny hemişe kämilleşdirýäris we täzeleýäris.
  • Biz ygtybarly ösüşe ugrukmak bilen öz işlerimizi dowam etdirýäris we geljekki nesillere ýaşamaga ukyply gurşawy bermek üçin ähli mümkin bolan işleri geçirýäris.
  • Biz ygtybarly daşky-gurşawyň syýasaty bilen bagly tejribämizi öz iş alyp barýan taraplarymyz bilen açyk paýlaşýarys.