LOGISTIKA

INTERMODAL DAŞAMAKLYK

CLK kompaniýasy iş alyp barýan geografiki sebitlerindäki möhüm ýerler bilen bagly oz wekilhanalarynyň üsti bilen ýükleri birleşdirilen (intermodal) ulgamlary ulanmak arkaly birnäçe ulag görnüşleri bilen daşamaklygy üpjün edip bilýär. Birnäçe ulaglaryň görnüşini öz içine alýan bu birleşdirilen logistika hyzmatlary müşderilere baha we berkligi nukdaýnazardan artykmaçlygy üpjün edýär. Intermodal daşamak hyzmatlary daşky-gurşawa oňaýsyz täsiri azaldýar we durnuklylygy üpjün edýär esasan hem demirýollary we deňizýollarynyň peýdalanylmagy bilen. Şunuň bilen baglanşykly, intermodal daşamak hyzmatlary soňky ýyllarda has ileri tutulýan yük daşamagyň görnüşi bolup galýar.

DEMIRÝOLLARY ARKALY DAŞAMAK

Demirýollary arkaly daşamak hyzmatlary CLK kompaniýasynyň düzümine onuň portfoliosyna girýän beýleki logistika hyzmatlarynda, agramy we çykdajylary nukdaýnazaryndan we onuň geljekdäki potensialy sebäpli birleşdirildi. Baku-Tbilisi-Kars demirýol ugry boýunça hem-de Hazar deňzini kesip geçýän Orta koridor demirýol geçelgesi boýunça demirýol arkaly daşamak hyzmatlary CLK kompaniýasynyň ulanýan iki sany esasy demirýol ugry bolup durýar. CLK kompaniýasy intermodal daşamaklyk we adaty demirýollary arkaly daşamak boýunça bahalary we agramy nukdaýnazardan demirýol hyzmatlary artykmaçlygyndan doly peýda görýär. Kompaniýa umumy durnuklylyk bilen baglylykda, bu daşamak hyzmatlarynyň artykmaçlyklaryny öz müşderileri bilen paýlaşýar.

DEŇIZÝOLLARY ARKALY DAŞAMAK

CLK kompaniýasy derýa gämilerini ulanmaklyk bilen Ortaýer deňzi, Marmara deňzi, Gara deňzi we Azow deňzi boýunça, Wolga-Don kanalyndan Hazar deňzine çenli ýükleri üpjün edýär. Ondan hem daşary, özüniň halkara guramalaryna agza bolmagy hem-de abraýly iş gatnaşyklary arkaly kompaniýa FCL (doly konteýner ýüki) we LCL (doly däl konteýner ýüki) görnüşli konteýnerler bilen daşamak bilen bir hatarda deňizýollary arkaly daşamakda anyk talaplaryň kanagatlandyrylmagy üçin ýöretileşdirilen çözgütleri kabul edýär.

TASLAMA ÝÜKLERINI DAŞAMAK

Ýörite enjamlary we çözgütleri talap edýän uly göwrümli we agyr agramly ýükleriň daşamagyny amala aşyrmak üçin, CLK kompaniýasy taslama ýüklerini daşamak hyzmatyny üpjün edýär. Taslama ýa-da müşderä mahsus bolan çözgütleriň kabul edilmegi üçin belli bir derejede bilimi we tejribäni talap edýän bu taslama yüklerini daşamakda Intermodal daşamaklyk hyzmatlary hem köp peýdalanylýar. CLK kompaniýasy müşderä gönükdirilen täzeçe çözgütleri bilen meşhur bolup, az derejede kömürturşy gazly ekologiki taýdan howpsuz ulaglaryň ulanylmagyna ähmiýet berýär. Mundan öňki taslamalardan alnan öz tejribesi arkaly hem-de berk ýerli gatnaşyklary gurmaga ýardam berýän tejribeli we ynamdar ýerli hyzmatdaşlar bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklary arkaly CLK kompaniýasy bu taslamalarda öz müşderileri bilen ýakyn gatnaşygy alyp barýar we täze hem-de ykdysady taýdan işjeň çözgütleri üpjün edýär.

GARAÝOLY ARKALY DAŞAMAK

CLK Ýewropa bilen Hytaýyň aralygynda tutuş Orta Aziýa sebitine, Kawkaza we Türkiýe Respublikasyna çenli uzaýan häzirki zaman Ýüpek Ýolunyň ugry boýunça awtoýol üsti bilen daşamaklyk hyzmatlary üpjün edýär. Dürli ýurtlardaky ynamdar we çözgütli hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki işleri sebäpli, CLK degişli ýurtlarda doly we bölekleýin ýük daşamaklyk amallaryny ýerine ýetirýär.

HOWAÝOLLARY ARKALY DAŞAMAK

Özüniň hereket edip gelýän geografiki sebitinde ýerleşen döwletleriň milli howa ýollary bilen güýçli hem-de ynamdar gatnaşyklara eýe bolup, CLK howa ulaglary arkaly ýük daşamaklygyň dürli ugurlarynda, hatda iň kiçi göwrümli ýüklerden çarter daşamaklygy, has bir ynamly we tiz hyzmatlary üpjün edýär.

Head Office

Büyükdere Caddesi No: 163
34394 Zincirlikuyu,
Şişli – İstanbul
+90 (212) 306 50 00
[email protected]

Dubai Office

CLK Transport FZE
Office No: FZJOA2001
Jebel Ali Free Zone
Dubai – Unites Arab Emirates
[email protected]