BIZ BARADA

Çalık Grubu ile Sinerji

CLK 2017-nji ýylda tutuş Türkiýe respublikasynda, Orta Aziýada we Balkan sebitinde dokma-senagaty hem-de energetikadan başlap maliýe hem-de gurluşyk pudaklary ýaly dürli pudaklaryň gymmatlygyny artdyrmak maksady bilen zähmet çekip gelýän Çalyk maşgalasy tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa logistika, söwda we satyn almak ugurlary boýunça tejribeli hem-de işjeň hünärmenler topary tarapyndan işler alyp barýar.

Ozaldan hereket edip gelýän “Çalık Group” kompaniýasy bilen ýakyndan işleşmekligiň özi aýratyn bir bilelikdäki işi emele getirýär, we CLK-nyň guramaçylyk gurluşynyň aýratynlygy bolsa, ol hem logistikany, söwdany we satyn alnyşy bilelikde bir ýerde jemleýär. Şu aýratyn gurluşyň barlygy zerarly CLK şu üç ugryň ählisinde netijeliligi yzarlaýan bütewileýin çemeleşmäniň toplumlaýyn çözgütlerini üpjün edip bilýär.

CLK-nyň özboluşly häsiýetleriniň biri hem onuň işleri ýerine ýetirýän ýerleriniň geografiýasydyr; ol hem bolsa Hytaýdan tä Atlantik ummanyna çenli uzaýan häzirki zaman Ýüpek Ýolunyň ugry hem-de onuň üpjün edýän dünýä derejesindäki professional daşamaklyk hyzmatlary bolup durýar we CLK-ny bäsdeşleriniň arasynda üstün edýär.

CLK kompaniýasy ýeke bir Türkiýe respublikasyndaky işlere gatnaşman, eýsem onuň Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan we Hytaý ýaly möhüm ýerlerde wekilhanalary, Niderlandlar Patyşalygynda we Dubaýda bolsa şahamçalary bar. CLK giň geografiki sebitlerde isleg bildirilýän önümleriň we harytlaryň söwdasynda hem-de satyn alşynda möhüm orny ýerine ýetirýär

Head Office

Büyükdere Caddesi No: 163
34394 Zincirlikuyu,
Şişli – İstanbul
+90 (212) 306 50 00
[email protected]

Dubai Office

CLK Transport FZE
Office No: FZJOA2001
Jebel Ali Free Zone
Dubai – Unites Arab Emirates
[email protected]